Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji dekabrda Aşgabatda “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň baş direktory Jon Riz bilen duşuşyp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda golf-klub taslamasyny durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdy.
Döwlet eýeçiligindäki metbugatda öňki prezidentiň sözlerine salgylanyp aýdylmagyna görä, bu taslama Awazanyň dynç alyş we sport merkezi hökmünde ösüşine täze itergi berer.
Duşuşykda hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde Aşgabatda gurlan we halkara ülňülerine laýyk gelýändigi aýdylýan döwrebap golf-klub hem ýatlanyldy.
Türkmen metbugaty ozal Aşgabatda “Nikolaus dizaýn” kompaniýasy tarapyndan gurulýan golf meýdançasynda halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin dünýä standartlaryna laýyk şertleriň dörediljekdigini, şeýle-de, tutuş ýurt boýunça 10-a golaý golf meýdançasynyň guruljakdygyny habar beripdi.
Türkmenistanlylar Aşgabatda gurlan golf-klubynyň, beýleki gymmatbaha desgalar ýaly, köplenç boş durandygyny aýdýarlar.