Energetika ministri Erlan Akkenženow Gazagystanyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi taslamasyna gatnaşmagy, şeýle-de “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmek boýunça türkmen tarapy bilen gçirýän gepleşikleriniň gidişi barada gürrüň berdi diýip, “Kazinform” agentligi habar berýär.
Bu gürrüň Gazagystanyň TOPH taslamasyna 30% paý bilen paýdar hökmünde goşulmak meýilnamalary bilen baglanyşykly.
"Häzire çenli biz hiç hili jogap almadyk. Ne Türkmenistandan, ne-de beýleki potensial hyzmatdaşlardan" diýip, Akkenženow žurnalistler bilen duşuşykda aýtdy.
Habarlardan belli bolşuna görä, Astana TOPH taslamasynyň gurluşygyna gatnaşmak isleýändigini aýdyp, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazagystan-Owganystan biznes forumynda türkmen tarapy bilen gepleşiklere başlady.