Russiýanyň resmileri Moskwanyň Ukraina garşy giň gerimli urşuny bes etmek üçin ABŞ-Ýewropa gepleşiklerinde öňegidişlikler gazanylandygy baradaky habarlara sowuk reaksiýa bildirdiler. Bu waka, Birleşen Ştatlaryň Kiýewe NATO stilindäki howpsuzlyk kepilliklerini hödürleýändigi barada habarlaryň ýaýran mahaly boldy.
Günbatar ýurtlaryň wekilleri Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen iki günlük gepleşikleri tamamlandan bir gün soň, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow 16-njy dekabrda Moskwanyň Berlinde ara alnyp maslahatlaşylan teklipleri ýa-da ABŞ-nyň howpsuzlyk teklibiniň jikme-jikliklerini görmändigini aýtdy.
Ukrainanyň NATO-a goşulmagynyň öňüni almak uruş başlamazdan öň hem Moskwanyň esasy pozisiýasy bolup durýardy. Kremliň NATO tarapyndan berilýän howpsuzlyk kepilliklerine meňzeş çärelere garşy çykjakdygy ýa-da çykmajagy belli däl.
Peskow Russiýanyň ok atyşygy bes etmek islemeýändigini, emma onuň ýerine dördünji ýyl dönümi golaýlap gelýän urşuň bes edilmegi üçin gutarnykly parahatçylyk ylalaşygyny isleýändigini aýtdy. Bellesek, Zelenskiý Roždestwo baýramynda atyşygy bes etmäge çagyrypdy.
“Biz parahatçylyk isleýäris. Biz Ukrainyň dem almagyna we urşuň dowam etmegine taýýarlyk görmegine mümkinçilik döretjek atyşygy bes etmek islemeýäris” diýip, Peskow žurnalistlere aýtdy.
“Biz bu urşuň bes edilmegini, maksatlarymyza ýetmegi, bähbitlerimizi üpjün etmegi we geljekde Ýewropada parahatçylygy kepillendirmegi isleýäris. Biz şuny isleýäris” diýip, ol sözüne goşdy.
Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow 15-nji dekabrda “ABC News” teleýaýlymyna beren interwýusynda ylalaşygyň ýakyn wagtda baglaşyljakdygyny aýtdy.
Muňa garamazdan, ol Russiýanyň berk territorial we howpsuzlyk talaplaryny üýtgetmek niýetiniň ýokdugyny hem belledi.