Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sidneýde ýaragly hüjümi eden adama 59 aýyplama bildirildi


16-njy dekabrda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde terrorçylykly hüjümiň pidalarynyň hatyrasyna geçirilen ýatlama çäresi.
16-njy dekabrda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde terrorçylykly hüjümiň pidalarynyň hatyrasyna geçirilen ýatlama çäresi.

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Bondi kenarynda bolan ok atyşygy amala aşyran 24 ýaşly Nawid Akrama terrorçylykly hüjüm etmek bilen birlikde 59 aýyplama bildirildi. Bu barada Täze Günorta Uels polisiýasynyň web sahypasynda habar berilýär.

Tussag edilen mahaly ýaralanan Akram häzirki wagtda gözegçilik astynda hassahanada saklanýar.

Terrorçylykdan başga-da, hüjümçä 15 adamy öldürmekde, 40 adamy ýaralamakda we öldürmek niýeti bilen bedeni agyr şikeslendirmekde, ýaragy bikanun ulanmakda, gadagan edilen terrorçylyk guramasynyň nyşanlaryny köpçülikde görkezmekde we binanyň içinde ýa-da golaýynda partlaýjy maddalary goýmakda aýyplanýar.

Hüjüm 14-nji dekabrda Sidneýiň Bondi kenarynda ýerli ýewreý jemgyýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen Hanukka baýramynda boldy.

Polisiýanyň maglumatyna görä, hüjüm asly pakistanly ataly-ogul, ýagny 50 ýaşly Sajid Akram we onuň ogly Nawid Akram tarapyndan amala aşyryldy. Sajid Akram tussag edilende öldürilipdir. Hüjümde 15 adam ölüp, 40-dan gowrak adam ýaralandy.

XS
SM
MD
LG