16-njy dekabrda Ýewropa Komissiýasy 2035-nji ýyla çenli ÝB-de içden ýanýan hereketlendirijili täze ulaglaryň satuwyny doly gadagan etmek meýilnamasyny ýatyrmagy teklip etdi.
Bu meýilnama mundan ozal ÝB-niň howanyň üýtgemegine garşy borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin tassyklanypdy. Muňa garamazdan, ÝB-niň birnäçe ýurdy, şeýle hem öňdebaryjy awtoulag öndürijileri bu çärä garşy çykypdylar.
Üýtgedilen meýilnama içden ýanýan hereketlendirijili awtoulaglaryň satuwyny 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 90% azaltmagy, ýöne doly gadagan etmezligi göz öňünde tutýar.
Germaniýa hem doly gadagan etmek meýilnamasyny tankytlaýanlaryň hataryna goşulypdy.
Kansler Fridrih Merz, şeýle-de Germaniýanyň we Ýewropanyň iň uly awtoulag öndürijisi bolan “Volkswagen” kärhanasy täze teklibi gowy garşy aldy.
Şol bir wagtyň özünde, “Greenpeace” guramasy täze teklibi tankytlady.