15-nji dekabrda Balkan welaýatynyň käbir sebitlerinde 100-den gowrak hojalyk jaýy we hökümet binalarynyň birnäçesi sil suwlaryndan ejir çekdi. Ýerli häkimiýetler jaýlarda we binalarda sil suwlaryndan arassalamak işlerini geçirse-de, zyýan çeken jaýlaryň ýaşaýjylaryny wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmeýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.
“1-nji dekabrda Magtymguly, Gyzylarbat we Bereket etraplarynyň dag etek ýerlerinde güýçli gar ýagdy. Gijesi bilen ýagan gar şu gün eräp, Magtymgulyda we Gyzylarbat sil suwlarynyň joşmagyna getirdi” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Magtymgulydaky ençeme obada we etrap merkezinden aşakda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlaryny we käbir durmuş maksatly binalary, şol sanda oba saglyk öýlerini sil suwlary basdy.
“Gyzylarbat, Magtymguly we Bereket etraplarynda 100-den gowrak hojalyk jaýy we beýleki binalar ejir çekdi. Gyzylarbatda harby şäherçede we dag etek obalarda zaýaçylyk boldy” diýip, ýagdaýlardan habarly ýene bir ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
"Jaýlaryň içi öl, howa sowuk..."
15-nji dekabrda irden etraplaryň halas ediş toparlary esgerleriň güýjünden hem peýdalanyp, agyr tehnikalaryň, şol sanda ekskawatorlaryň kömegi bilen, üýşen sil suwlaryny jarlar we suw sorujy ulaglar arkaly aradan aýyrmaga synanyşýarlar.
“100-den gowrak hojalyk jaýynda, oba saglyk öýünde hem sil suwlaryndan arassalamak işleri alnyp barylýar” diýip, ýaşaýjy belledi.
Silden ejir çeken hojalyklaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, ýerli häkimiýetler 15-nji dekabrda sagat 20:00-a çenli meseläni aradan aýyrmak wadasyny berdiler.
Ýöne etrap häkimlikleri sil suwlaryndan zyýan çeken 100-den köp hojalyga henize çenli wagtlaýyn “sümelge” hödürlemediler.
“Ýaşaýjylar jaýlary guraýança iň bolmanda 1 hepdelik jaý soradylar. Heniz belli zat ýok, belli hiç bir jogap bermediler. Jaýlarymyz sil suwlaryndan arassalansa-da, olaryň içi öl. Howa birden sowady. Biz çykgynsyz ýagdaýda” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Ýaşaýjylaryň ençemesi tebigy hadysanyň netijeleriniň we häkimiýetleriň özlerini wagtlaýyn ýaşamaga jaý bilen üpjün etmezliginiň garrylara we çagalara has-da ýaramaz täsir etjekdigini aýdýar.
“Häzirki döwürde garyndaşlaryň öýüne hem sygmak kyn. Her kim näme etjegini bilmeýär” diýip, ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Bu aralykda, habarçymyz güýçli garyň eremegi netijesinde emele gelen sil suwlarynyň sebitde elektrik üpjünçiliginiň, öý telefonlarynyň we Internetiň kesilmegine getirendigini hem habar berýär.
"Soňky iki ýylda örän köpeldi"
“Hususan-da, Magtymgulyda 14-nji dekabr gijesinden bäri tok, öý telefony, Internet we gaz kesildi. Bularyň üpjünçiliginiň haçan dikeldiljekdigi heniz belli däl” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Ýaşaýjylaryň ençemesi sil suwlarynyň joşmagynyň soňky iki ýylda örän köpelendigini, hökümet dagdan gelýän jarlary arassalap beren halatynda, bularyň öňüni belli bir derejede alyp boljakdygyny, ýaşaýyş jaýlaryny suw basmajakdygyny hem aýdýar.
Azatlyk bu tebigy hadysa boýunça sebit häkimiýetlerinden resmi teswir alyp bilmeýär, adam pidalarynyň bolup-bolmandygy, çekilen zyýanyň gerimi barada başga maglumat berilmeýär.
Türkmen häkimiýetleri adatça şeýle hadysalar barada aç-açan çykyş etmeýärler. Döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tebigy hadysalar barada öz wagtynda habar bermeýär ýa-da asla gürrüň gozgamaýar.
Ýöne hökümetçi “Turkmenportal” neşiri 9-njy dekabrda “milli senenama görä, gyşyň iň sowuk döwrüniň Türkmenistana gelendigini” we munuň “gar we ýagyş getirmegine” garaşylýandygyny habar berdi.
Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 15-nji dekabrda çap eden maglumatynda “çygly howanyň Türkmenistanyň günortasyna we günorta-gündogaryna ýetjekdigini, şol ýerde hepdäniň dowamynda ýagyş möçberiniň 35-55 mm-e ýetmeginiň mümkindigini” mälim etdi.
Türkmenistanda soňky ýyllarda adatdan daşary tebigy hadysalar, şol sanda ýagynly, duzly, tozanly tupanlar ýygy-ýygydan gaýtalanýar, suw joşmalary döreýär we ýaşaýyş ýerlerini sil basýar.
Türkmen hökümeti we resmi metbugat ilatyň durmuşyna we howpsuzlygyna gönüden-göni täsir edýän şeýle tebigy ýagdaýlar we olaryň netijeleri barada mesele gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum