Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parahatçylyk ylalaşygy ugrunda tagallalar güýçlenýän mahaly Berlinde ABŞ-Ukraina gepleşikleriniň ikinji tapgyryna garaşylýar


Ak tamyň ýörite wekili Stiw Witkoff we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 14-nji dekabrda Berlinde.
Ak tamyň ýörite wekili Stiw Witkoff we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 14-nji dekabrda Berlinde.

15-nji dekabrda Berlinde ABŞ we Ukrainanyň resmileriniň gepleşikleri dowam etdirmek üçin tertip ikinji gün duşuşmagyna garaşylýar. Bu Kiýewiň Waşingtonyň Russiýanyň Ukrainadaky urşuny bes etmek boýunça öňe ilerledýän ylalaşygynyň Moskwanyň bähbidine görä düzülmeginiň öňüni almak ugrunda kynçylyk çekýän döwrüne gabat gelýär.

Ak tamyň ýörite wekili Stiw Witkoff we prezident Donald Trampyň giýewisi Jared Kuşner mundan bir gün öň Germaniýanyň paýtagtynda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski hem-de gepleşikçiler topary bilen bäş sagat duşuşdylar.

Witkoff X platformasynda paýlaşan ýazgysynda: “Wekiller parahatçylyk boýunça 20 maddalyk meýilnama, ykdysady ugurlar we beýleki meseleler boýunça içgin gepleşik geçirdiler. Köp öňegidişlik gazanyldy, olar ertir irden ýene duşuşarlar” diýip belledi.

Gepleşikleriň ikinji gününe anyk kimleriň gatnaşjakdygy öňünden aýdyňlaşdyrylmady. Zelenskiniň 15-nji dekabrda Berlinde Germaniýanyň, Fransiýanyň we Britaniýanyň ýolbaşçylary bilen hem duşuşygy göz öňünde tutulan.

ABŞ-nyň Moskwanyň käbir pozisiýalaryny gaýtalaýan we aglaba Russiýa üçin has bähbitli hasaplanan 28 maddalyk plany äşgär etmeginden soň, Ukraina we onuň ýewropaly goldawçylarynyň garşylyklaýyn teklipleri taýýarlamak üçin geçiren howlukmaç tagallalarynyň netijesinde häzir gürrüňi edilýän 20 maddalyk meýilnama emele geldi.

Zelenski 14-nji dekabrda gepleşikleriň öňüsyrasynda žurnalistler bilen WhatsApp arkaly geçiren söhbetdeşliginde: “Meniň pikirimçe, iň esasy zat meýilnamanyň mümkin boldugyça adalatly bolmagydyr, ilkinji nobatda Ukraina üçin, sebäbi bu urşy başlan Russiýadyr” diýdi. “Iň esasysy hem, ol işleýän bolmaly” diýip, Zelenski sözüne goşdy.

Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alyp, gündogardaky Donbas sebitinde uruş oduny tutaşdyrandan soň, 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy doly göwrümli çozuşa başlady. Häzirki wagtda ol goňşy ýurduň çäginiň takmynan bäşden bir bölegini eýeleýär.

Zelenski 14-nji dekabrda Ukrainanyň NATO-a goşulmak isleginden, iň bolmanda häzirlikçe, ýüz öwürmäge taýýardygyny aýtdy, emma parahatçylyk ylalaşygy baglaşylandan soň Russiýanyň geljekde ýene hüjüm etmezligini üpjün etmek üçin Günbataryň “demir ýaly berk” howpsuzlyk kepillikleriniň zerurdygyny belledi.

Donbasdaky territoriýa meselesi boýunça Zelenski Kiýewiň, hatda de-fakto görnüşde hem, ukrain goşunlarynyň Donetsk oblastynyň häzirki gözegçilik edýän topraklaryndan el çekmegini göz öňünde tutýan tekliplere garşy çykdy. Ol eger Ukraina Donbasda öň hatardan yza çekilmeli bolsa, rus goşunlarynyň hem şeýle etmelidigini aýtdy.

“Men Russiýanyň munuň bilen ylalaşmaýandygyny bilýärin, we men amerikalylaryň bu meselede bizi goldamagyny islärdim. Emma biziň ‘häzir nirede duran bolsak, şol ýerde saklanmaly’ diýen yşaratlarymyza ruslar biziň “Donbasdan yza çekilmelidigimizi, ýogsa-da ony barybir basyp aljakdyklaryny’ aýdyp jogap berýärler” diýip, ukrain lideri sözüni dowam etdi.

Zelenski ABŞ-nyň Donetsk oblastynyň Kiýewiň häzirem gözegçilik edýän sebitlerinde “erkin ykdysady zolagy” döretmegi teklip edýändigini, munuň ukrain goşunlarynyň yza çekilmegini, rus güýçleriniň bolsa bu sebitlere girzmezligini üpjün etmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Emma Putiniň geňeşçisi Ýuriý Uşakow Kremliň Donetsk bilen Luhansk “Russiýanyň territoriýasydyr” diýýän esassyz öňe sürmesini ýene gaýtalady we ol ýerde dörediljek islendik ýaragsyzlandyrylan zolakda Moskwanyň Milli gwardiýa goşunlarynyň we polisiýa güýçleriniň ýerleşdirjekdigini aýtdy.

Zelenski geçen hepde islendik mümkin territorial eglişigiň ukrain halkynyň sesine goýulmalydygyny aýtdy. 14-nji dekabrda bolsa ol: “Eger-de “ukrain goşunlary, meselem, 5-10 kilometr yza çekilmeli” diýilse, onda näme üçin rus goşunlary hem eýelän ýerlerinden şol bir aralykda yza çekilmeli däl?” diýip sorag goýdy.

Ol: “Şu sowal häzirlikçe jogapsyz galýar. Emma bu örän duýgur we örän gyzgalaňly mesele” diýdi.

Tramp şu ýylyň ýanwarynda ikinji gezek wezipesine girişeninden bäri urşy bes etmek ugrunda tagalla edýär. Emma öňegidişlik haýal boldy, Putin hem Russiýanyň diplomatiýa bilen bolmasa, öz öňünde goýan maksatlaryna güýç bilen ýetjekdigini aýdyp gelýär.

Ak tamyň metbugat wekili Karolin Lewitt geçen hepde Trampyň “bu urşuň iki tarapyndan hem örän lapykeç bolandygyny” aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG