Azatlygyň sosial mediada köpelen türkmen pikir alyşmalaryny ýakyndan yzarlaýan habarçylary Aşgabatda 12-nji dekabrda geçirilen Halkara forumyň çäginde dörän we türkmen mediasynda habar berilmedik oňaýsyz ýagdaýlaryň ‘köp pikir alyşma sebäp bolandygyny’ habar berýärler.
Synçylaryň bellemegine görä, bu ýagdaý türkmenistanlylaryň döwlet senzurasyndan geçip bilmeýän habarlary alyp, olar barada pikir alyşmaklarynyň adaty bir ýagdaýa öwrülýändigini, türkmen režiminiň pikir-düşünje gözegçiliginiň ‘suw saklamaýan gum böwede öwrülendigini’ görkezýär.
Forumda çykyş eden Putiniň türkmen prezidentine ýüzlenende goýberen säwligi bilen sosial media ulanyjylarynyň ünsüni çekendigini, onuň käbir daşary ýurt liderleriniň atlaryny jemgyýetçiligiň öňünde gaýta-gaýta ýalňyş aýdan halatlarynyň ozalam bolandygyny Azatlyk 12-nji dekabrda habar berdi.
Iki ýurt üçin dörän 'oňaýsyzlyk'
Soňra Putiniň çykyşy wagtynda onuň öňündäki mikrofonyň bir minut töweregi ýapyk galandygy, Pakistanyň prezidenti Şehbaz Şerifiň, 40 minut çemesi garaşanyndan soň, rus lideriniň türk prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşik geçirýän ýerine çakylyksyz, ýapyk gapyny açyp girendigi habar berildi.
Rus metbugaty bu ýagdaýyň birbada iki ýurt üçin oňaýsyzlyk döredendigini we diplomatik protokolyň işini sorag astyna salandygyny habar berdi.
Türkmen metbugatynyň berýän habarlaryndan öňräkden bäri ‘sowaşandygy’ aýdylýan türkmenistanlylar bu habarlary, görnüşinden, dünýä we rus metbugatyndan alyp, öz pikirlerini aýtmakdan çekinip durmaýarlar.
“Rus metbugaty Gurbanguly Berdimuhamedowyň Putini ýatman, daňdan sagat 4-de garşy almagyna gowy baha beren bolsa, türkmen okyjylarynyň tas 80 göterimi uly Berdimuhamedowy gorkaklykda we ýaranjaňlykda aýyplap teswir ýazdy” diýip, habarçymyz aýtdy.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylar we günbatar türkmenistanlylar bolsa, habarçylarymyzyň ýazmagyna görä, uly Berdimuhammedowyň kiçi döwletleriň prezidentlerini, delagasiýa wekillerini garşylamaga çykmazlygyny ‘myhmansöýerlik däl’, ‘myhmanlary ala tutmak’ diýip häsiýetlendirdiler.
Myhmansöýerligiň iki görnüşi
“Diktator diktatora arka durýar, onuň bu hereketi bilen Putin ýaly günäsiz çagalaryň, garrylaryň ganyny döken ýolbaşçynyň hormaty artmaýar, gaýtam uly Berdimuhamedow dünýäniň demokratik, ösen döwletleriniň öňünde Türkmenistanyň onsuzam pes, üçünji dünýe adyna eýe bolan abraýyny ýene-de pese düşürdi” diýip, anonimlik şertinde pikirini aýdan ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Amerikadaky türkmenistanlylar soňky günlerde wiza almakda ýa-da bar bolan wizalaryna garamazdan, Birleşen Ştatlardan kowulmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
“Biziň ýurdumyz Berdimuhamedowyň dünýe diktatorlary, şol sanda “Talyban” emirligi, Eýranyň ýolbaşçylary, Putin bilen has gowy gatnaşygy sebäpli dünýäniň alada döredýän ýurtlarynyň arasynda agzalýar” diýip, söhbetdeşimiz bu ýagdaýyň ýönekeý türkmenistanlylara, zähmet migrantlaryna uly zyýan ýetirýändigini hem sözüne goşdy.
Ýaşaýjylaryň biri Putiniň mikrofonynyň açylman galmagynyň, hemme ýurtda bolup biljek we bolýan tehniki säwligiň ýa ýalňyşlygyň adamlarda ‘aýratyn alada’ döredendigini belledi.
“Forumdaky tehnikalara seredýän işgärleriň dat gününe. ‘Jogapkär hasaplanan ildeşimiz göni türmä basylmasa ýagşy’ diýip, özara gürrüň edýän adamlar bir ýa iki däl” diýip, ýerli synçy ýurtdaky ýagdaýyň döwlet işgärleri üçin hem ‘howply bolmagynda galýandygyny’ öňe sürdi.
“Putinden prezidentiň atasynyň adyny ýalňyş aýtmagyny geň göremok, ol Magtymgulynyň adyny hem näçe gezek ýalňyş aýtdy” diýip, paýtagtly söhbetdeşimiz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, türkmen metbugatynyň başga ýurtlarda däl, öz ýurdunyň paýtagtynda bolup geçýän halkara forumlar barada hem açyk habarlary, dürli garaýyşlara esaslanýan synlary bermezligi, berk gözegçilik astynda işlemegi ýurduň abraýyna işlemeýär.
Ýerli synçylar Türkmenistanyň Metbugat hakyndaky kanunynyň, senzuranyň gadagan edilmeginiň diňe kagyz ýüzünde galýandygyny aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum