Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bitaraplyk gününiň 'arzançylygy' geçdi, alyjylar Täze ýyl 'söwdasyna' garaşýar


Lebapda bir et dükany. Arhiw suraty
Lebapda bir et dükany. Arhiw suraty

12-nji dekabrda bellenen Bitaraplyk güni mynasybetli satuwa çykarylan arzan gök, miwe, et önümleriniň, towuk budunyň söwdasy ertesi, 13-nji dekabrda tamam boldy diýip, Balkan sebitindäki çeşmelerimiz habar berýär.

Balkanabat welaýatynyň daýhan bazaryndaky döwlet dükanlarynda indi, üç gün bäri hatda arzan ýumurtga hem satylmaýar diýip, Azatlygyň habarçysy 18-nji dekabrda ýazdy.

Onuň sözlerine görä, döwlet dükanlary toplumynyň resmileri bu ýagdaýy Bitaraplyk baýramynyň öň ýanynda gurnalan "arzanlaşdyrlan azyk söwdasynyň" möhletiniň tamamlanmagy bilen düşündirýärler.

Resmiler indiki arzanlaşdyrylan azyk söwdasynyň 22-nji dekabrda, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guraljakdygyny aýdýar diýip, çeşme aýtdy.

“Et tagamy gowy ekeni, emma köp gaýnatmaly"

Habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar Pakistanyň, Eýranyň arzan, doňdurulan we “Halal” sertifikatly sygyr etini 35 manatdan satyn alandyklaryny gürrüň berdiler.


“Et tagamy gowy ekeni, emma köp wagt gaýnatmaly. Bir gün öňünden uksus sesip, kiwi suwuna garyp goýsaň we soň dürli tagam berijiler bilen bişirseň, ýumşak bolup bişýär. Bolmasa aşa gaty, hamana garry malyň eti ýa-da zubryň eti ýaly... Umuman, 150 manada ýerli eti satyn alanyňdan gowy, erbet däl, ýöne ýagy köp. 60 göterimden gowrak ýagly et satyldy” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Arzanlaşdyrylan söwda döwründe towuk buduny satyn alanlar “bu gezek satylan towuk butlarynyň möhleti geçen” bolup çykandygyny, olaryň erbet yslanandygyny aýtdylar.

“Towuk butlaryny irden, doň ýagdaýda satýarlar. Gapyda ‘Satylan haryt yzyna alynmaýar’ diýen ýazgy goýupdyrlar. 7-nji bölümiň ofiserleri raýat eşiginde gelip, adamlaryň telefonda surat almagyna, hatda gepleşmegine hem rugsat bermediler. Söwda resmileri bolsa, 18 manatlyk günebakar ýagyny öz tanşlaryna hasapsyz mukdarda satyp, şäher halkyna arzan ýag gutardy diýdiler. Ýörite gulluklaryň ofiserleri diňe raýatlaryň wideo düşürmezligine gözegçilik edip, bolýan korrupsýa göz ýumýarlar” diýip, bir ýaşaýjy adamlaryň bu ýagdaýa gaty gaharlarynyň gelendigini hem sözüne goşdy.

Onuň pikiriçe, dawalaşýan köp bolansoň, arzanlaşyrylan söwdany wagtlaýyn togtadan bolmaklary hem mümkin.

Söhbetdeşlerimiz mandarin, apelsin ýaly önümleriň bazarda 30 manatdan, döwlet söwdasynda 9,10 manatdan satylandygyny aýtdylar.

Söwda işgärleriniň döwlet dükanlarynda satylmaly önümleriň bir bölegini bazarda, gymmat bahadan satdyrýandgy hakynda gürrüň bar, ýöne bu aýdylýanlary resmi ýagdaýda tassykladyp bolmaýar diýip, habarçymyz aýtdy.

Şeýle-de, tanyşly gassaplaryň bazarda 1 kilogramy 150 manatdan satylýan ete doňdurylan, arzan etden alyp, garyp satýandyklary öňe sürülýär. Aýdylmagyna görä, doň etleri gazly suwda üç sagat ýatyryp, soň ýerli et bilen garýarlar. Ýöne bu ýagdaýy hem resmi ýagdaýda tassykladyp bolmaýar.

Aşgabatdaky 'özboluşly' söwda gozboýagçylygyň gerimini görkezýär

Aşgabatdaky habarçymyz hem ilatyň elýeterli bahadan azyk önümlerini satyn alyp bilmeginiň çylşyrymly bolmagynda galýandygyny habar berdi.

Onuň sözlerine görä, paýtagt bazarlarynda satylýan ýerli mal etiniň söwdasy ‘örän özboluşly’.


Bazaryň et satylýan bölümindäki tekjede goýlan etleriň bahalary 70 manat diýlip görkezilýär. Alyjylar bu nyrhy bir-birinden eşidip, et satylýar diýip gelýärler. Bazaryň et satylýan ýapyk bölüminiň işiginde nobatçylyk çekýän polisiýa işgäri gelen alyjylara “et satyn aljak bolsaňyz, 100 manadyňyzy taýýarlap goýuň, häzir dükanyň içindäki iki, üç adam çykýança garaşyň” diýýär. Şeýlelikde, polisiýa ofiseriniň daş işikde taýýarlap goýbermegi bilen, alyjylar 100 manatlyk, bir kilogramdan gowrak et alyp çykýarlar diýip, bu ýagdaýy gören şaýatlar gürrüň berdi.

Aýry-aýrylykda gürleşen aşgabatlylar arzanlaşdyrylan söwdada polisiýa nobatçylygynyň gerekdigini, ýogsa, et bölüminiň aýna diwarlarynyň içerde arzan et aljak bolýan adamlaryň döredýän basa-baslygyny geçip barýanlara hem görkezýändigini aýtdylar.

Polisiýa gözegçiligi bir gezek et alan adamyň ýene, gaýtadan et almaga gelmeginiň, adamlaryň bu söwdany wideoýazgy etmezligi üçin et söwdasy tamamlanýança dowam edýär diýip, çeşme aýtdy.

Şeýle-de, polisiýa gözegçiligi adamlaryň has köp üýşmeginiň öňüni alýar. Daşarda 100 manatlaryny taýýarlan adamlar içerde ellerine tutdurylan 100 manatlyk eti alyp, derrew çykyp gidýärler. Olaryň içerini tizräk boşatmalydygy aýdylýar.

“Eger şeýdilmese, et satylýan dükanyň daşynda köp adam toplanýar, gykylyk, galmagal döreýär. Polisiýa adam üýşmeleňiniň döremeginiň öňüni alýar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Eger-de dükanyň daşynda adam köpelip, üýşmeleň döräp başlasa, polisiýa işgäri olara ýüzlenip, gapynyň daşynda dört, bäş adamyň durmalydygyny, beýleki adamlaryň bazara aýlanyp, harytlary gören bolmalydygyny aýdýar.

“Bu hili gözboýagçylyk talaplary ýaşaýşyň ähli pudagynda giňden amal edilýär. Türkmen hökümetiniň ähli iş-pişesi daşky görnüşe üns berip, düýpli meseleleri çözmekden saklanmak” diýip, bir ýaşuly aýtdy.

Atlarynyň aýdylmazlygyny soran alyjylar indi etiň bukulyp satylmagyna hem kaýyl bolandyklaryny, polisiýa işgäriniň 100 manada bir gysym et aljak adamlara ‘çaltrak alyp, hiç kime görkezmän gaýdyň, ikinji gezek gelmäň’ diýýändigini gürrüň berdiler.

Türkmen metbugaty ýurtda azyk howpsuzlygynyň edlendigini tekrarlaýar we Azatlyk, maglumat ýapyklygy zerarly, häkimiýetleriň emele gelen agyr ýagdaýy düzetmek, azyk meselelerini çözmek üçin nähili pikir edýändiklerini sorap bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG