Türkmenistanyň raýaty Nurmyrat Halmyradow özüniň ýaşaýyş jaý meselesi, şeýle-de ýurtdaky giň ýaýran korrupsiýa we yzarlamalar barada aç-açan çykyş etmeginiň yz ýany, aradan çykdy. Bu barada habar berýän türkmenistanly blogger Halmyradowyň türkmen häkimiýetleri tarapyndan gynamalara sezewar edilendigini aýdyp, onuň ölümine ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň jogapkärdigini belleýär.
Türkmenistandaky awtoritar dolandyryşy tankytlaýan blogger Talyb Abasow özüniň YouTube sahypasynda paýlaşan wideosunda bäş çaganyň kakasy we I-nji topar maýyplygy bolan Halmyradowyň özüne ýüz tutandygyny aýdýar.
Efirde ilkibada lakam esasynda çykyş eden Halmyradow soňra şahsyýetini aç-açan mälim edip, özüniň I-nji topar maýypdygyna garamazdan, döwlet tarapyndan özüne ýaşaýyş jaýyň berilmeýändigini we tutuş maşgalasynyň 1400 manat möçberindäki maýyplyk puluna ýaşaýandygyny, onuň aglabasynyň jaý kireýine gidýändigini gürrüň berýär.
“Jaý ugrunda iki ýyl bäri göreşip gelýäris. Häkimlige bardym, gelnimi ugratdym, prezidentiň poçtasyna hat atdym näçe gezek... gorža (GŽU - Şäher ýaşaýyş jaý bölümi) bardym, başlygynam tapyp, görüp bilmedik” diýip, I topar maýyp häkimlikde özüne diňe kwartira bermek däl, eýsem özüni jaý nobatyna hem ýazmak islemeýändiklerini aýdýar.
Halmyradow bulardan başga-da, işe girmekdäki we çagalaryny çagalar bagyna ýerleşdirmekdäki korrupsiýa ýagdaýlary barada hem gürrüň berýär.
Şondan soňra, Halmyradowyň öýüne üç ulagda 11 sany howpsuzlyk işgäri gelip, ony we onuň aýalyny alyp gidýärler we olary bir gije-gündiz saklap, gynaýarlar we gorkuzýarlar.
"Özüň-ä ýitireris, çagalaryňam ýetimler öýüne tabşyrarys"
“Menden alan zatlaryny, gol çekdiren dil hatlaryny görseň... Ýene bir gezek şular ýaly zat gürläýseň, Talyba çyksa, şutaýdaky bolan zatlar barada gürläýseň, göni özüň-ä ýitirýäris, çagalaryňam detdoma (Çagalar öýüne) tabşyrýarys diýip, çagalarymy aljak bolýarlar. Dogan, Allaň haky üçin indi men barada gürleme. Men özümden gorkamok, çagalarymdan gorkýan, çagalarymy ýitirerin diýip gorkýaryn” diýip, Halmyradow Abasow tarapyndan paýlaşylan ses ýazgyda belleýär.
Şondan soňra blogger Halmyradowyň meselesine ünsi çekmegi bes edýär. Muňa garamazdan, blogeriň sözlerine görä, birnäçe wagt geçensoň, has takygy dekabryň başynda onuň aýaly Abasow bilen habarlaşyp, adamsynyň aradan çykandygyny aýdýar.
Blogger gynanmalardan öň hem böwreklerinde agyr problemalary bolan Halmyradowyň ölümine türkmen howpsuzlyk güýçleriniň günäkärdigine ynanýar.
Abasowyň maglumatynda Halmyradowyň ýaşy, şeýle-de anyk haçan we nirede aradan çykandygy barada jikme-jik maglumat berilmeýär.
Azalygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetleri, şol sanda ýurduň Içeri işler ministrligi bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Basyşlar, yzarlamalar...
Dünýäniň iň ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň häkimiýetleri ýyllarboýy ýurt raýatlarynyň öz ýüzbe-ýüz bolýan problemalary, kynçylyklary barada aç-açan gürrüň gozgamagynyň öňüni alyp gelýär.
Bu barada köpçülikde, sosial ulgamlarda çykyş eden ýa-da halkdan kömek soran raýatlar häkimiýetleriň basyşlaryna, yzarlanmalaryna sezewar edilýär.
Geçen ýylyň maý aýynda Türkiýede ýitirim bolan ogluny gözlemek üçin türkmen halkyndan kömek sorap, sosial ulgamda wideo paýlaşan maryly raýata türk wizasy berilmedi. Bu barada maglumat beren türkmen aktiwisti we maşgalanyň ýakyn garyndaşy wizanyň berilmezligine türkmen häkimiýetleriniň täsir edendigine ynanýandyklaryny aýdyp, maşgalanyň basyş astynda galýandygyny bellediler.
Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Human Rights Watch” (HRW) guramasy 9-njy dekabrda ýaýradan beýanatynda hukuk bozulmalaryny paş eden we türkmen hökümetiniň syýasatyny parahatçylykly tankyt eden türkmen aktiwistleriniň ýapyk we adalatsyz sud proseslerinden soň, tussaglykda galýandygy aýtdy. Olaryň arasynda Myrat Düşemow, Mansur Mingelow, Mälikberdi Allamyradow we aklawçy Pygamberdi Allaberdiýew dagy bar.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum